-
13 Fewral 2025 г.
-
130
Sport
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary we Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň üstünlik syýasaty netijesinde ýurdumyzyň abraýy dünýä dolýar. Dürli ugurlar bilen bir hatarda ýurdumyzyň sport netijeleri, ýaş türgenlerimiziň gazanýan üstünlikleri hem aýratyn bellärliklidir.
Sport ynsanlary birek-birege ysnyşdyrýan güýçdir. Sport arkaly dostlaşmak, özara ysnyşmak we hoşniýetli gatnaşyklara ýol açmak arkaly, ýurdumyzda sportuň giň gerim almagy, daşary syýasatymyzda esasy ugurlaryň hatarynda görülmegi Watanymyzyň dünýäde alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli, dost-doganlykly gatnaşyklaryna kuwwatly itergi bolýar. Çünki sport sebitde we dünýäde parahatçylygyň we dostlugyň nusgasydyr.
Ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, ýaşlaryň sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmagyny ýola goýmak wezipelerini döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň birine öwürdi.
Häzirki wagtda sport we bedenterbiýe – bu talyplaryň durmuşynyň möhüm bölegine öwrüldi. Talyp ýaşlaryň sagdyn durmuş ýörelgelerini üpjün etmekde sportuň orny örän uly bolup, köpçülikleýin sporty we bedenterbiýäni ösdürmek, beden taýdan sagdyn, ruhubelent ýaş nesilleri kemala getirmek maksady bilen ýurdumyzda uly işler alnyp barylýar.
Milli sportumyzy we bedenterbiýäni mundan beýläk hem ösdürmek, ýaşlarymyzy bedenterbiýe we sport hereketine köpçülikleýin çekmek üçin, orta hünär okuw mekdebimizde sportuň dürli görnüşleri boýunça türgenleşikler geçirilip, toparlaýyn ýaryşlar yzygiderli geçirilýär.
Türkmenistanyň orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary «Türkmenistan - ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XIII Spartakiadanyň düzüminde bolan sportuň görnüşleri boýunça geçirilen ýaryşlarda-da Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar.