AŞGABAT ŞÄHERINDÄKI SYÝAHATÇYLYK ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEBI

AŞGABAT ŞÄHERINDÄKI SYÝAHATÇYLYK ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEBI

2025/2026-njy okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýär:

 

1. Myhmanhana hyzmatlary.

2. Syýahatçylyk hyzmatlary.

3. Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş.

4. Jemgyýetçilik iýmitiniň önümleriniň tehnologiýasy.

5. Daşky gurşawy goramak we tebigy miras.

6. Buhgalterçilik hasaba alnyşy.

Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebine umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik Türkmenistanyň raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Okuwyň möhleti 2 ýyl.

Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebinde okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar.

Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherinde  2025-nji ýylyň 14-nji iýuly — 18-nji awgusty aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— bellenilen nusga boýunça okuw üçin tölegi öz wagtynda amal etmegiň kepil haty;

— 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

— okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri‚ halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— pasportyny;

—   harby şahadatnamasyny ýa-da harby hasaba goýulandygy hakynda şahadatnamasyny.

Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebinde (Aşgabat şäheri) 2025-nji ýylyň awgust aýynyň  21-22-i, 24-i we 25-i günlerinde geçirilýär.

Giriş synaglary aşakdaky okuw dersleri boýunça geçirilýär:

hünärler: myhmanhana hyzmatlary; syýahatçylyk hyzmatlary; daşky gurşawy goramak we tebigy miras — Türkmenistanyň taryhy, geografiýa, jemgyýeti öwreniş;

hünärler: ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş; buhgalterçilik hasaba alnyşy — matematika, Türkmenistanyň taryhy, jemgyýeti öwreniş;

hünär: jemgyýetçilik iýmitiniň önümleriniň tehnologiýasy — himiýa, Türkmenistanyň taryhy, jemgyýeti öwreniş.

      Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda, döwlet dilinde dilden geçirilýär.

      Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

       Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar.

 

Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň salgysy:

Aşgabat ş., Berkararlyk etraby, 2105/5 (Mämmet Gurbanow) köçesi, 33,

tel: 76-75-15, 76-74-14, 76-75-05.

 


 

 

 

 

Orta hünär okuw mekdebiniň beýleki hünärleri bilen

resmi web sahypada tanyşyp bolar: 

syyahatohom.edu.tm

 

 

 

 

DALAŞGÄRLERIŇ DYKGATYNA

Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine 2025-nji ýylda okuwa girmäge isleg bildirýänleriň saglygy goraýyş barlaglary 2025-nji ýylyň 14-nji iýuly — 18-nji awgusty aralygynda Aşgabat, Arkadag şäherleriniň we welaýatlaryň şu aşakdaky saglyk öýlerinde geçiriler:

 

 

AŞGABAT ŞÄHERI:

Aşgabat şäherindäki Talyplar saglyk öýi: Aşgabat ş., Görogly köçesiniň 82-nji jaýy, tel.: (80012) 36-87- 50; 36-87-51.

Aşgabat şäherindäki 15-nji saglyk öýi: Aşgabat şäheriniň Ankara köçesiniň 121-nji jaýy, tel.: (80012) 47-84-80, 47-84-88.

Aşgabat şäherindäki 16-njy saglyk öýi: Aşgabat şäheriniň Gurtly ýaşaýyş toplumynyň 37-nji jaýy, tel.: (80012) 97-67-94, 97-67-98.

 

ARKADAG ŞÄHERI:

Arkadag şäherindäki saglyk öýi: Arkadag şäheriniň Berdinazar Hudaýnazarow köçesiniň 5-nji jaýy, tel.: (80012) 57-34-01, 57-34-10.

 

AHAL WELAÝATY:

Aşgabat şäherindäki 9-njy saglyk öýi: Aşgabat ş., 1934-nji (Bamako) köçesiniň 34-nji jaýy, tel.: (80012) 26-03-11, 26-03-80.

Ak bugdaý etrap hassahanasy: Änew şäheriniň Azatlyk köçesiniň 13-nji jaýy, tel.: (800137) 36-3-30, (80012) 59-44-69.

Gökdepe etrabynyň köpugurly hassahanasy: Gökdepe ş., Magtymguly şaýolunyň 55-nji jaýy, tel.: (800132) 4-70-02, 4-70-08.

Kaka etrap hassahanasy: Kaka ş., Ýüzbaşy köçesiniň 59-njy jaýy, tel.: (800133) 45-1-11, 32-5-10.

Tejen şäher hassahanasy: Tejen ş., D.Gulmyradow köçesiniň 1-nji jaýy; tel.: (800135) 4-23-23, 4-20-25.

Tejen şäher hassahanasynyň kesel anyklaýyş we maslahat beriş bölümi: Tejen ş., Magtymguly köçesiniň 67-nji jaýy, tel.: (800135) 4-41-14.

 

DAŞOGUZ WELAÝATY:

Daşoguz şäherindäki 1-nji saglyk öýi: Daşoguz ş., Şamçyrag köçesiniň 26-njy jaýy, tel.: (800322) 2-48- 25, 2-56-83.

Daşoguz şäherindäki 2-nji saglyk öýi: Daşoguz ş., Gurbansoltan eje köçesiniň 24-nji jaýy, tel.: (800322) 6-01-61, 6-07-56.

Daşoguz şäherindäki 3-nji saglyk öýi: Daşoguz ş., Merkez-3 ýaşaýyş toplumynyň 15-nji jaýy, tel.: (800322) 7-03-20, 9-28-10.

Daşoguz şäherindäki 4-nji saglyk öýi: Şamyrat Taganow köçesiniň 16-njy jaýy, tel.: (800322) 6-99-65, 6-99-61.

Görogly etrap hassahanasynyň kesel anyklaýyş bölümi: Görogly şäherçesi,T.Ataýew köçesiniň 29-njy jaýy, tel.: (800340) 31-8-95, 32-1-33.

Akdepe etrap hassahanasynyň kesel anyklaýyş bölümi: Akdepe şäherçesi, Watan köçesiniň 46-njy jaýy, tel.: (800344)-3-00-32, 3-20-75.

Akdepe etrabynyň Andalyp şäher hassahanasynyň kesel anyklaýyş bölümi: Andalyp ş., Andalyp köçesiniň 21-nji jaýy, tel.: (800343) 3-15-81, 3-03-50, 3-15-71.

Şabat etrap hassahanasynyň kesel anyklaýyş bölümi: Şabat ş., Azatlyk köçesiniň 3-nji jaýy, tel.: (800-348) 31-1-64, 31-3-96.

Boldumsaz etrap hassahanasynyň kesel anyklaýyş bölümi: Boldumsaz ş., K.Ylýasow köçesiniň 73-nji jaýy, tel.: (800346) 31-2-63, 31-5-72.

Boldumsaz etrabynyň Gubadag şäher hassahanasynyň kesel anyklaýyş bölümi: Gubadag ş., A.Kakabaýew köçesiniň 17-nji jaýy, tel.: (800346) 21-5-03, 21-4-49.

Köneürgenç etrap hassahanasynyň kesel anyklaýyş bölümi: Köneürgenç ş., G.Atabaýew köçesiniň 47-nji jaýy, tel.: (800347) 31-6-02, 32-3-37, 31-9-63.

Saparmyrat Türkmenbaşy etrap hassahanasynyň kesel anyklaýyş bölümi: S.Türkmenbaşy şäherçe, Aşgabat köçe, 1-nji jaýy (800349)31-1-01, 31-8-94.

Ruhubelent etrap hassahanasynyň kesel anyklaýyş bölümi: Ruhubelent ş., Döwletli köçesiniň 10-njy jaýy, tel.: (800342) 31-1-79, 31-0-23.

 

BALKAN WELAÝATY:

Balkanabat şäherindäki 1-nji saglyk öýi: Balkanabat ş., 189-njy ýaşaýyş jaýlar toplumy, hassahanalar şäherçesi, tel.: (800222) 5-97-02, 5-97-03, 5-97-05, 5-81-60.

Balkanabat şäherindäki 2-nji saglyk öýi: Balkanabat ş., 137-nji ýaşaýyş jaýlar toplumy, tel.: (800222) 6-01-91, 6-03-70, 6-03-77, 6-03-78.

Türkmenbaşy şäher saglyk öýi: Türkmenbaşy ş., Watan köçesiniň 25-nji jaýy, tel.: (800243) 6-03-41.

Hazar şäherçe hassahanasy: Hazar ş., 33-nji ýaşaýyş toplumy, tel.: (800222) 9-40-30, 9-43-00.

Gumdag şäherçehassahanasy: Gumdag ş., A.Meňliýew köçesiniň 25-nji jaýy, tel.: (800241) 4-11-73, 4-11-91.

Türkmenbaşy etrap hassahanasy: Türkmenbaşy ş., Magtymguly köçesiniň 2a jaýy, tel.: (800243) 7-92-45, 7-91-45, 7-92-93, 7-95-08.

Gyzylarbat etrap hassahanasy: Gyzylarbat ş., Ö.Gylyçmämmedow köçesiniň 2-nji jaýy, tel.: (800246) 7-21-79, 7-21-58, 7-80-08, 7-20-98.

Bereket etrap hassahanasy: Bereket ş., Garagum köçesiniň 23-nji jaýy, tel.: (800247) 3-30-47, 3-30-22, 3-30-48, 3-30-49.

Magtymguly etrap hassahanasy: Magtymguly ş., Durdyhan Ýanyk köçesiniň 2-nji jaýy, tel.: (800248) 4-84-00, 4-84-01, 4-04-26.

Etrek etrap hassahanasy: Etrek ş., Garagum köçesiniň 13-nji jaýy, tel.: (800242) 4-06-24, 4-01-39, 4-01-84.

Esenguly etrap hassahanasy: Esenguly ş., 4-nji köçesi, 1-nji kiçi etrapçasy, 248-nji jaýy, tel.: (800245) 3-00-75, 3-06-00, 3-01-20, 3-01-24, 3-01-18.

 

MARY WELAÝATY:

Mary şäherindäki 2-nji saglyk öýi: Mary şäheriniň Kemine köçesiniň 29-njy jaýy, tel.: (800522) 4-68- 65, 4-68-57, 4-68-61.

Mary şäherindäki 3-nji saglyk öýi: Mary şäheriniň Bitaraplyk köçesiniň 32-nji jaýy, tel.: (800522) 5-26- 81, 5-28-58.

Baýramaly şäher saglyk öýi: Baýramaly şäheriniň Döwletmämmet Azady köçesiniň 13-nji jaýy, tel.: (800564) 3-20-03, 3-18-45.

Ýolöten etrap hassahanasy: Ýolöten ş. Atçapar köçesiniň 62-nji jaýy, tel.: (800560) 6-55-23, 6-50-67.

Sakarçäge etrap hassahanasy: Sakarçäge ş., G.Baýnazarow köçesiniň 3-nji jaýy, tel.: (800522) 6-01-75, 5-03-00.

Tagtabazar etrap hassahanasy: Tagtabazar ş., Lukman Hekim köçesiniň 10-njy jaýy, tel.: (800568) 5-23-58, 5-11-07.

Mary etrap hassahanasy: Mary şäheri, Nury Halmämmedow köçesiniň 4-nji jaýy, tel.: (800522) 5-44-92, 5-45-28.

Wekilbazar etrap hassahanasy: Wekilbazar ş., Dostluk köçesiniň 8-nji jaýy, tel.: (800558) 6-60-21, 6-60-44.

Murgap etrap hassahanasy: Murgap ş., Parahat köçesiniň 33-nji jaýy, tel.: (800522) 6-05-64, (800565) 4-00-58, 4-20-37.

Türkmengala etrap hassahanasy: Türkmengala ş., Bitaraplyk köçesiniň 28-nji jaýy, tel.: (800569) 3-16-87, 3-12-94.

Garagum etrap hassahanasy: Garagum etraby, Ýagty ýol şäherçesi, Atabaýew köçesiniň 3-nji jaýy, tel.: (800557) 4-03-01, 4-03-03.

Baýramaly etrap hassahanasy: Baýramaly şäheriniň Oguzhan köçesi, tel.: (800564) 3-30-09, 3-32-63.

 

LEBAP WELAÝATY

Türkmenabat şäheriniň 1-nji saglyk öýi: Türkmenabat şäheri, Zynhary köçesiniň 31-nji jaýy, tel.: (800422) 7-12-35; 7-16-71; 7-06-76;

Türkmenabat şäherindäki 5-nji saglyk öýi: Türkmenabat şäheri, Magtymguly köçesiniň 113a-nji jaýy, tel.: (800422) 3-77-60; 3-82-52, 3-78-77, 3-50-59;3-50-70.

Dänew etrap hassahanasy: Dänew ş., S.Nyýazow köçesiniň 71-nji jaýy, tel: (800446) 2-15-00, 2-03-46, 2-25-03.

Kerki etrap hassahanasy: Kerki ş, S.Nyýazow köçesiniň 137-nji jaýy, tel: (800444) 2-03-22, 2-00-03, 2-50-65, 2-55-90.

Darganata etrap hassahanasy: Darganata ş., H.Babaýew köçesiniň 7-nji jaýy, tel.: (800445) 2-01-28, 2-04-65, 2-03-95, 5-12-80.