-
13 Fewral 2025 г.
-
153
Sanly bilim
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda bilim ulgamy täze ösüşlere bedew bady bilen öňe barýar. Bilim ulgamyň işini döwrebap derejede guramak, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, talyp ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, bu babatda, milli aýratynlyklary göz öňünde tutmak bilen, dünýä tejribesinden ugur almak, sanly bilim ulgamyna geçmek boýunça giň möçberli işler alnyp barylýar.
Häzirki döwürde ýurdumyzda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy tapgyrma-tapgyr durmuşa geçirilip, özgertmeleriň hatarynda Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda tassyklanan “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny” üstünlikli hereket edýär. Ýurdumyzda sanly ulgama geçmeklikde bilim ulgamyna uly orun berilip, sanly bilimi ösdürmek üçin, ilkinji nobatda, bilim ulgamynda zähmet çekýän mugallymlardyr-hünärmenleriň, şeýle-de bilim alýanlaryň häzirki zaman kompýuter tehnologiýalaryndan ussatlyk bilen baş çykarmaklarynyň zerurdygy aýratyn bellenmäge degişli.
Döwrebap tehniki serişdeleriň özboluşlylygy esasynda maglumat gorlaryny döretmegi, saklamagy, peýdalanmagy bilim işgärleriniň bu ugurda taýýarlygyny kämilleşdirmek boýunça birnäçe wezipeleri döredilýär.
Sanly bilim portalynyň maglumat gorlaryny amatly ulanmak, elektron poçta, elektron resminama dolanşyk ulgamy, uzak aralykdan bilim almak, bäsleşikler, maslahatlar, webinarlar we beýleki ýokary tehnologiýalary ulanmak arkaly geçirilýän çäreler sanly ulgamynyň mümkinçilikleriniň ýokarydygyny aýdyň görkezýär. Mekdebiň mugallymlarynyň okadýan dersleri boýunça sanly tehnologiýalary peýdalanmak arkaly, wideosapaklary taýýarlamak bilen, talyplara bilim bermek üçin döwrebap tehnologiýalar boýunça birnäçe işler alnyp barylýar.
Şeýle-de döwrebap enjamlary peýdalanyp syýahatçylyk we myhmanhana ugurlarynda sanly 3D tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmagyň we dürli tebigy-taryhy ýadygärlikleri sanlaşdyrmagyň mümkinçilikleri öwrenilýär. 3600 panorama suratlaryny almak üçin ýörite Samsung 360 GEAR fotokamerasy peýdalanyp, web sahypalara ornaşdyrmak boýunça birnäçe işleri alnyp barylýar. Sanly bilim tehnologiýalarynyň we VR/AR tehnologiýalarynyň mümkinçiliklerini okuw sapaklaryň hilini ýokarlandyrmak we maglumat binýadyny baýlaşdyrmak maksady bilen dürli emeli aň tehnologiýalary hem peýdalanylýar. Olardan Gemini, OpenAI, Perplexity AI we beýlekiler mysal getirmek bolar.