“Myhmanhana hyzmatlary” hünäri
“Myhmanhana hyzmatlary” hünäri boýunça orta hünärinde bilim alýan ýaşlar, myhmanhanalaryň guramaçylyk işlerini we işjeň endiklerini öwrenip, myhmanhana hyzmatlaryny ilata hödürlemegi oňat baş çykarýan myhmansöýer hünärmen bolup ýetişýär.
Hünärmen halkara derejeli otellerde, myhmanhanalarda, motellerde, kempinglerde, pansionatlarda, dynç alyş öýlerinde, şypahanalarda, çagalar dynç alyş merkezlerinde, şeýle hem, orta hünär okuw mekdebiniň meýilnamasynda öwrenen derslerine laýyklykda, başga pudaklara degişli bolan kärlerine ýakyn hem oňa gabat gelýän dürli iş orunlarynda, ýagny, ekspeditor, önümçilik hünärmeni, hojalyk, diwanhana, dolandyryş-administratiw edaralaryň orta derejeli hünärmeni, medeni-köpçülikleýin çärelerini gurnaýjy we ş.m. wezipelerde işlemek üçin niýetlenendir.
Şunuň bilen birlikde, bu ugurdan taýýarlanylýan hünärmenler şu aşakdaky başarnyk-ukyplara eýe bolarlar:
- etikanyň we estetikanyň talaplaryna laýyklykda myhmanlary kabul etmäge hem-de myhmanlary ýerleşdirmäge;
- myhmanlara maslahatlar bermäge we myhmanhananyň ýaşaýjylaryna ýokary derejeli hyzmatlary hödürlemegiň işine gözegçiligi amala aşyrmaga hem-de talabalaýyk dolandyrmagy;
- restoranyň dolandyryjysyna (menejeriň) azyk önümlerini satyn almaga we rejeli peýdalanmaga kömek etmegi, iýmit önümleriniň sanawyny düzmäge we olaryň hasabyny takyk ýöretmäge;
- hojalyk bölümine ýolbaşçylyk edip, tehniki enjamlardan ýerlikli peýdalanmaga;
- myhmanhanalarda müşderileri we beýleki medeni-köpçülik çärelerinde gatnaşyjylary hasaba almaga hem-de olaryň rahat dynç almaklary üçin şertleri gurnamaga, döwrebap elektron orunlary bellemek ulgamlaryndan hem-de häzirkizaman kompýuter tehnologiýalaryndan ýokary derejeli peýdalanmagy;
- iňlis, rus we beýleki daşary ýurt dillerinde müşderiler bilen düşünişmäge we ş.m.