Kitaphana

Kitaphana

Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň kitaphanasy Türkmeniň beýik şahsyýetleri we şadessanlaryň olaryň ýaş nesilde watançylyk duýgusyny terbiýelemekdäki ähmiýetini wagyz etmek üçin, şeýle hem mekdepde hereket edýän hünärler we ondan daşary maglumatlar, dürli çeper eserler, publisistik neşirler we usuly hem-de ylmy edebiýatlar, mugallymlaryň we talyplaryň isleglerine görä, olary gerekli edebiýatlar bilen üpjün edýär. Gerekli edebiýat çeşmelerini peýdalanmak we olary çalt tapmak üçin ýöriteleşdirilen edebiýatlaryň elektron kartotekasy hereket edýär. Hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň türkmen ýaşlarynyň, halkara ölçeglerine laýyk derejede ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly döwrebap hünärmenler bolup ýetişmegi ugrunda edýän taýsyz tagallalaryny birkemsiz durmuşa geçirmek üçin ähli işler alnyp barylýar.

Orta hünär okuw mekdebiniň kitaphanasynyň wezipesi – mugallymlaryň we talyplaryň okuw, usuly, ylmy çeşmeleri esasynda ylym-bilim başarnyklaryny ösdürmek, kemala getirmekden, esasan, maglumaty amatly, rahat we niýetleniş derejesine görä peýdalanmagy, aýawly saklap, zerur maglumatlary öwrenmegi we şol maglumatlary bilim almakda başarjaňlyk bilen ulanmagy hem-de özleşdirmegi öwretmekden ybaratdyr. 

Soragnama-bibliografik we maglumatlar ulgamyny, şeýle hem elektron kitaphana gaznasyny döretmek, elektron kitap goruny baýlaşdyrmak boýunça yzygiderli iş alyp barylýar.

Kitaphanaçy her bir talybyň gözýetiminiň giňelmegi, dünýä garaýşynyň ösmegi üçin gerekli edebiýatlary hödürläp, durmuşda saýlap alan hünärine bolan söýgüsini ösdürmegi, Watana, halka, Hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza wepaly, zähmetsöýer hünärmenler bolup ýetişmegi üçin hemmetaraplaýyn usuly kömeklerini berýär. 

Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň we Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň kitaplary hem-de eserleri kitaphananyň görnükli ýerinde ýerleşdirilendir, okyjylara peýdalanmak üçin elýeterli mümkinçilikler döredilen.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň kitaphana işini kämilleşdirmek baradaky alyp barýan parasatly başlangyçlaryndan ugur alyp, talyp ýaşlary bagtyýarlyk ruhunda terbiýelemekde, sadalyk, päklik, mähribanlyk, hoşniýetlilik, watançylyk duýgularyny oýarmakda kitabyň – jemgyýetiň durmuşyndaky eýeleýän ornunyň uludygyny düşündirmek bilen bagly wagyz-nesihat işleri yzygider alnyp barylýar.