2025-nji ýylyň noýabr aýynyň 10-15-i aralygynda Ýewropa bilim gaznasynyň (ETF) halkara bilermenleriniň gatnaşmagynda “Merkezi Aziýada ukyply ýaşlar üçin dialog we hereket” (DARYA) atly sebitleýin taslamasynyň çäginde “Scaffold” atly okatmagyň usulyýeti boýunça okuw maslahaty geçirildi. Okuw maslahaty Türkmenistanyň Telekommunikasiýa we informatika institutynda Türkmenistanyň ýokary, orta hünär we orta bilim berýän mekdepleriniň mugallymlarynyň gatnaşmagynda geçirildi. Bu okuw maslahatyna Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary hem gatnaşdylar.
Okuw maslahatynyň maksady, biziň ýurdumyzda, şol sanda Merkezi Aziýanyň beýleki döwletlerinde ýaşlaryň ukyp başarnyklaryny ösdürmäge, şeýle hem mugallymlaryň alyp barýan okuw işinde “Scaffold” usulyýetiniň mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmaga gönükdirilendir. Mugallymlar bu okuw maslahatynyň çäklerinde usulyýeti ulanmak bilen, innowasion okuw sapaklaryny we maksatnamalary işläp düzmek boýunça halkara bilermenlerden birnäçe täze usullary öwrendiler. 102 sany kartoçkadan ybarat bolan “Scaffold” usulyýetiniň serişdeleri esasynda mugallymlara okuw işini meýilleşdirmäge, okuw sapaklaryny işläp taýýarlamaga hem-de bahalandyrmaga mümkinçilik berýär.
Mundan başga-da okuw işinde şeýle usulyýeti peýdalanmak birnäçe oňyn netijeleri berjekdigini mugallymlaryň ählisi göz ýetirdiler. Birinjiden, mugallymlaryň öz üstünde işlemeklerine, ýagny okuw işinde meýilleşdirmekden tä bahalandyrmaga çenli degişli çäreleri işläp düzmäge ýardam etse, ikinji tarapdan okaýanlarda täze başarnyklaryny kemala getirmäge iterýär.
