Sport – biziň üstünliklerimiziň başy

Bu günki gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş türgenlerimiz türkmen sportunyň iň oňat däplerini üstünlikli dowam etdirip, dürli ýaryşlarda mähriban Watanymyzyň abraýyny has-da belende göterýärler. Ýaşlaryň sport bilen meşgullanmaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilen. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýol-ýörelgelerine eýerip, eziz Diýarymyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge gönükdirilen asylly başlangyçlar türkmen sportuny hil taýdan täze derejä çykardy.

Üstünlik gazanmak, öňde goýan maksadyňa ýetmek örän uly bagt. Ýöne şol zatlaryň sakasynda ilkinji nobatda saglyk bardyr. Sport bilen meşgullanmaklygy endik edinseň, hem saglygyňy berkidýärsiň, hem-de maksadyňa aňsatlyk bilen ýetip, uly üstünlik gazanýarsyň. 

Biziň orta hünär okuw mekdebimiziň talyplary: oglan-gyzlary hem sportda özleriniň başarnyklaryny görkezip, aýratyn tapawutlanyp, sowgatly baýraklaryň eýeleri boldular. Sportuň islendik görnüşini alanyňda özleriniň fiziki güýjüni, akyl güýjüni ezberlik bilen ulanyp bilýän talyplaryň bolmagy mekdebiň mugallymlaryny we talyplaryny diýseň buýsandyrýar. Olar Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň adyny has-da belende göterýärler. 

Türkmenistanyň hünär-tehniki we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Türkmenistan-ruhybelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly XIV Spartakiýadanyň çäklerinde woleýbol, basketbol, tanap çekdi, düzzüm, küşt, ýeňil atletika, göreş, şaşka we başga-da sportuň birnäçe görnüşleri boýunça özleriniň başarnyklaryny üstünlik görkezip, Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň ýygyndy topary sport ýaryşlarynda dabaraly 2-nji orna mynasyp boldy. Mekdebiň 80-e golaý talyplary sport ýaryşlaryna gatnaşyp, öňdebaryjy orunlary eýelemegi başardylar. Şeýle üstünliklere ýetmekde uly tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdýarys. Olaryň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri diňe rowaçlyklara beslensin!