Ýurdumyzda ilatyň isleglerini kanagatlandyrmak üçin gurlup, birnäçe kärhanalar hereket edýär. Şolardan has meşhurlyk gazanan “Parahat” hususy kärhanasydyr. Kärhananyň alyp barýan işine gözegçilik etmek we işler bilen ýakyndan tanyş bolmak maksady bilen Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň “Jemgyýetçilik iýmiti önümleriniň tehnologiýasy” hünäriniň talyplary halypa mugallymlar bilen göçme okuw sapagyny we tejribeligini gurnadylar.
Talyplar özleriniň gyzykly soraglary bilen: Kärhanada nähili işlenilýär? Nämeler öndürilýär? Nähili düzgünleri berjaý etmeli? – bu barada talyplar köp maglumatlary topladylar. Özlerine bellik edip, geljekde jemgyýetiň zerur islegini kanagatlandyrjak önümleri öndürmeklige ýykgyn etmekligi öz öňlerinde maksat edindiler.
Mundan başga-da talyplar “Parahat” hususy kärhanasynyň tehnologiýa taýdan üpjünçiligi bilen hem gyzyklandylar, kärhananyň wekiliniň gatnaşmagynda ýakyndan gözegçilik etdiler. Iş alnyp barlanda howpsuzlyk kadalaryny berjaý etmekligiň düzgünleri bilen ýakyndan tanyşdylar. Umuman, bu kärhanada göçme okuw sapagyny we tejribeligini geçmek talyp ýaşlarda uly täsir galdyrdy.
“Parahat” hususy kärhanasy miwe şirelerinden başga-dasüýt önümlerini, miwe goýaltmalaryny we dürli tagamly sowuk çaýlary hem öndürýär. Kärhanada kolbasa önümçiligi hem ýola goýuldy. Iýmit önümleriniň tehnologik aýratynlyklary bilen gyzyklanýan höwesjeň ýaşlar özboluşly tejribe hökmünde peýdaly boldy.