“NesilCoffee” önümçilik kärhanasy özüniň ýokary hilli kofe dänelerini we 3/1-de hoşboý tagamly kofe önümlerini öndürmek boýunça diňe Türkmenistanda däl, eýsem Merkezi Aziýada meşhurlygyny artdyrýar. “Nesil” – bu at, türkmen halkynyň iň möhüm däplerinden biri bolan maşgalanyň gymmatlyklaryny nesilden-nesle geçirmek ýörelgesini beýan etmek üçin saýlandygyny görünýär. Ýokary hilli kofe önümleri kafe-restoranlarda we öýlerde peýdalanylýar.
Bu kärhananyň alyp barýan işleri bilen ýakyndan tanyşmak maksady bilen Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň “Jemgyýetçilik iýmiti önümleriniň tehnologiýasy” hünäriniň talyplary we halypa mugallymlary göçme-okuw sapagyny geçmek üçin kärhana gitdiler. Kärhananyň iş ugurlary bilen tanyşyp, öndüriji, lomaý satyjy we bölekleýin satyjy ugurlarynyň bilen tanyşdylar. Kompaniýada bäş görnüşli: Espresso, Intense, Classic, La Crema, Spesial kofe däneleriniň, şeýle hem dört görnüşli – Karamel Latte, Vanilla Latte, Kofe Latte, Kapuçino atly hem kofe önümçiliginiň alnyp barylýandygyny öwrendiler. Soňra mekdebiň talyplary telekeçi Tejenmyrat Baýramdurdyýewiň eýeçiligindäki “NesilCoffee” kärhanasynyň tehnologiýa bazasy bilen tanyş boldular. Kärhananyň maddy-tehniki bazasynyň Italiýanyň we Germaniýanyň iň ýokary hilli, öndürijiligi güýçli enjamlary bilen enjamlaşdyrylandygyna göz ýetirdiler.
Mekdebiň “Jemgyýetçilik iýmiti önümleriniň tehnologiýasy” hünäriniň talyplary we mugallymlary şeýle jemgyýetçilik iýmit kärhanalaryna ýygy-ýygydan gidip, iýmit tehnologiki tanyşdyryşlary geçýärler, döwrebap tehnologiýalaryň kömegi bilen alnyp barylýan iýmit önümçilikleriniň aýratynlyklary bilen tanyşýarlar.