Muzeý gymmatlyklary – medeni mirasymyzyň toplan gaznasy

Islendik bir ýere syýahat etmek adamda täsin duýgy döredýär we ýatdan çykmajak pursatlary galdyrýar. Esasan hem türkmen halkynyň gymmatly baý medeni mirasyny özünde ýyllar boýy aýap saklap, gelýän muzeýlere syýahat etmek has hem täsirli. 

Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyplary we mugallymlary Aşgabat şäheriniň görküne görk goşýan, şekillendiriş sungatynyň taryhynda öçmejek yz galdyran ussat suratkeşlerimiziň ajaýyp eserlerini özünde jemleýän Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýine gezelenç gurnadylar.

Muzeýe giren pursatyňda göýä täsinlikler, ertekiler dünýäsine düşen ýaly bolýar. Bu muzeýde saklanylýan gymmatlyklaryň sany 16 müňe golaýdy. Üç etaždan ybarat bolan muzeýiň 11 sany sergi zaly bardyr. Şeýle hem, bu ýerde diňe ýerli medeniýet eserleri däl, eýsem Ýewropa we Aziýa sungatynyň ajaýyp eserleri bardyr. 

Muzeýde “Garaşsyzlyk”, “Türkmenleriň amaly-haşam sungaty”, “Gadymy sungat”, “Türkmen şekillendiriş sungatynyň ilkinji ussatlary”, “Häzirki zaman türkmen şekillendiriş sungaty”, “Gündogar halklarynyň sungaty”, “Rus halkynyň eserleri”, “Günbatar Ýewropa halklarynyň eserleri” ýaly bölümleri bolup, ol bölümleriň hersine degişli ajaýyp sungat eserleri ýerleşdirilipdir. 

Milli şekillendiriş sungaty muzeýiniň diňe ýerli we welaýat merkezlerinden gelýän myhmanlary kabul etmän, eýsem daşary ýurt syýahatçylarynyň hem köp gelýän ýerine öwrüldi. Daşary ýurtly syýahatçylar türkmen halkynyň baý medeni-mirasyna uly sarpa goýýarlar.

Umuman aýdylanda, muzeý ekspozisiýasynda görkezilýän ähli sungat eserleriniň maksady, sungatymyzy, milli mirasymyzy elýeterli edip görkezip, daşary ýurt ussatlarynyň sungat eserlerini, ýygyndylaryny hem ýaşlara açyp görkezýär, olaryň medeni-mirasyny öwrenmäge gerek bolan maglumatlary toplamaga mümkinçilik döredýär. Sebäbi bu sungat eserleri islendik bir suratkeşiň, sungat ussadynyň baý döredijiligini içgin öwrenmäge ýardam edýär. Çünki bu beýik şahsyýetleriň, ussatlaryň geljekki nesiller üçin galdyran pikirleri, duýgulary we toplan tejribeleri olaryň içki dünýäsini öwrenmekde ähmiýetlidir.