“Açyk gapylar” güni başlady...

Däp bolşy ýaly her ýylda täze okuw ýylynyň başlamagynyň öň ýanynda orta mekdep okuwçylary, geljekki dalaşgärler, mekdepleriň täze uçurymlary we orta hünär okuw mekdebine girmek isleýän ýaşlar üçin dabaraly ýagdaýda “Açyk gapylar” güni geçirilýär.

Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebinde hem, bu “Açyk gapylar” gününe sabyrsyz garaşýarlar. “Açyk gapylar” gününe gowy taýýarlyk bilen,  orta mekdepleriň mugallymlaryny we okuwçylaryny gadyrly garşylap, olara ilki bilen türkmençilik däbine mahsus bolan myhmansöýerlik görkezildi. Orta hünär okuw mekdebiniň “Jemgyýetçilik iýmiti önümleriniň tehnologiýasy” hünäriniň taýýarlan dürli görnüşli owadan bezegli naz-nygmatlaryny, haýwanjyklaryň, gülleriň şekilli görnüşinde taýýarlanan miwe önümlerini hödürlendi. 

Halypa mugallymlaryň gürrüň bermegi bilen, geljekki dalaşgärleri okuw mekdebi, hereket edýän hünärler barada hünär tanyşdyryş işleri geçirildi. Okuwçylar üçin gyzykly bolan zatlaryň biri hem talyp deň-duşlarymyzyň olar bilen sorag-jogap alyşmaklary boldy. Gelen orta mekdepleriň okuwçylardan we beýleki myhmanlardan has tapawutlananlara sowgatlar berildi. 

Soňra myhmanlary orta hünär okuw mekdebinde hereket edýän gurnaklaryň çäklerinde we “Açyk gapylar” güni mynasybetli taýýarlanan taslamalar bilen tanyşdyryldy, dürli görnüşli maketleri we taýýarlan wideorolikleri, has-da gyzyklandyran zatlaryň biri hem “Syýahatçylyk hyzmatlary” hünäriniň talyplary tarapyndan syýahat etmegiň wirtual görnüşi esasynda geçirilen çykyşlar gelen myhmanlary özüne çekdi. Orta hünär okuw mekdebiniň çäginde şeýle mümkinçilikleriň bardygyna mekdep okuwçylary we myhmanlary juda begendiler, olaram gelejekde okap, özleriniň döredijilik ylhamlaryny, başarnyklary görkezerler diýip umyt edýäris. 

Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebi size garaşýar mähriban ýaşlar!