Daşky gurşawy goramak we tebigy miras
“Daşky gurşawy goramak we tebigy miras” hünäri boýunça orta hünärinde bilim alýan ýaşlar, Türkmenistanyň ajaýyp tebigy syýahatçylyk zolaklaryna syýahatçylary çekmek we tebigy mirasymyzy gorap saklamak hem-de ekosyýahatçylygyň ösüşini, etikasyny, howpsuzlygyny öwrenmek üçin taýýarlanylýar.
Hünärmen syýahatçylyk pudagynyň döwlet we hususy syýahatçylyk kärhanalarynda, tebigy we çäkli goraghanalarda, ülkäni öwreniş muzeýlerinde, milli seýilgählerde, ýerli dolandyryş edaralarynda, tokaý hojalyklarynda, şeýle hem orta hünär okuw mekdebiniň meýilnamasynda öwrenen derslerine laýyklykda, başga pudaklara degişli bolan kärlerine ýakyn hem oňa gabat gelýän dürli iş orunlarynda, ýagny, syýahatçylyk kärhanasynyň işgäri we maslahatçysy, muzeý işgäri, tebigy mirasymyza syýahatyň we gezelençleriň ýolbeledi we ş.m. wezipelerde işlemek üçin niýetlenendir.
Şunuň bilen birlikde, bu ugurdan taýýarlanylýan hünärmenler şu aşakdaky başarnyk-ukyplara eýe bolarlar:
- syýahatçylyk zolaklarynda ekologiki seljermeleri geçirmäge;
- syýahatçylyk zolaklarynyň myhmanlar üçin niýetlenen möçberini ölçemäge;
- tebigy baýlyklary gorap saklamak, olary rejeli peýdalanmak;
- ekosyýahatçylygyň görnüşlerine laýyklykda ýerlerde düşelgeleri anyklamagy we olaryň howpsuzlygyna gözegçilik etmegi;
- tebigy ýadygärliklerde syýahatçylyk ugurlaryny işläp düzmegi;
- müşderilere syýahatlary we gezelençleri hödürlemegi;
- syýahatçylar üçin maksadalaýyk hyzmatlaryň toplumyny meýilleşdirmegi;
- syýahatçylygyň dowamynda döwrebap ykjam serişdelerini peýdalanmagy we kompýuter tehnologiýalaryň öňdebaryjy önümlerini peýdalanmak.