“Buhgalterçilik işi” hünäri boýunça bilim alýan ýaşlar, kärhanalara gelip gowşan resminamalary öz ugry boýunça işläp düzmegi, kärhanalaryň maliýe hasabatynyň gurluşyny laýyklykda işleri ýerine ýetirmäge, iş ýerinde materiallaryň kabul edilişine we ammarlara ýerleşdiriş işiniň hasabyny dogry ýöretmegi, önümçilik işlerinde önümiň taýýarlanylyşynyň, önümiň özüne düşýän gymmatynyň hasabyny çykarmak, önümi ýerleşdirmek üçin çykdajylaryň hasabyny ýöretmekligi, önümçilik-tehniki resminamalarynyň hasaba alnyşynyň ýöredilişiniň (işiň ýerine ýetirilişiniň tabşyryklaryny, işçileriň iş wagtynyň hasabyny ýöretmek, işiň ýerine ýetirilişiniň hasaby), döwlet standartlaryndan hem-de beýleki düzgünnamalardan peýdalanmaklygy we başga-da birnäçe aýratyn bilim başarnyklaryna ýöriteleşen hünär taýýarlygyny geçýär.