-
12 Iýun 2025 г.
-
65
Biz barada
Biz barada
Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebi Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary esasynda 2012-nji ýylda döredildi we häzirki wagtda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň garamagynda hereket edýär.
Mekdebiň alyp barýan işiniň esasy maksatlary türkmen jemgyýetiniň we döwletiniň ýokary gymmatlygy bolan adam şahsyýetini watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekden, olaryň bilim derejelerini hemme taraplaýyn we sazlaşykly ösdürmekden Türkmenistanyň ýokary taýýarlykly işgärlere we orta hünär bilimli hünärmenlere bolan zerurlyklaryny kanagatlandyrmakdan ybaratdyr.
Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebi Türkmenistanyň Prezidentiniň bilim we ýaşlar syýasatyny iş ýüzünde amala aşyrmak, şahsyýetiň hünär bilimini almaga we çuňlaşdyrmaga islegini kanagatlandyrmak, jemgyýetiň ruhy-ahlak, medeni we ylmy gymmatlyklaryny toplamak, goramak hem-de baýlaşdyrmak, şäher, etrap bilim bölümleri, häkimlikler bilen bilelikde, zehinli hem-de ýokary derejede ukyply ýaşlary Mekdep bilen ýakyndan tanyşdyrmak üçin orta mekdepleriň okuwçylarynyň we işleýän ýaşlaryň arasynda hünäre ugrukdyryş işlerini geçirmek, ýaşlary terbiýelemegiň milli maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň, sport, medeni çäreleri guramagyň we talyplary okatmagyň, olaryň dynç almagynyň, ýaşaýşynyň şertlerini gowulandyrmaga gönükdirilen beýleki çäreleri geçirmek, okuwlary ýokary hilli guramagyň zerur şerti bolan okatmagyň öňdebaryjy usullaryny we serişdelerini ulanmak, mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak ýaly wezipelerden ugur alýar.
Mekdep bilim, terbiýe we ylym ulgamynda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan üçin çuň bilimli, ýurduň bähbitlerini halkara giňişliginde mynasyp gorap bilýän we häzirki zaman sanly ykdysadyýeti şertlerine laýyklykda işlemäge ukyply, öz raýatlyk we Konstitusion borçlaryny ýerine ýetirmäge hemişe taýýar, maksada okgunly, belent ahlakly syýahatçylyk pudagyny ösdürmekde başlangyç we orta hünär bilimli hünärmenleri taýýarlaýan döwlet bilim edarasy bolup durýar.
Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebi eziz Watanymyzyň baý taryhy mirasyna, täsin tebigatyna, medeni-döredijilik gymmatlyklaryna, halkymyzyň däp-dessurlaryna we gözel künjeklerine syn etmek hem-de olar bilen tanyşmak üçin dünýäniň dürli döwletlerinden gelýän myhmanlaryna we syýahatçylaryna hödürlenýän hyzmatlaryň ýokary hilli bolmagy ugrunda aşakda görkezilen okuwlary yzygiderli alyp barýar.
Okuwyň möhleti – 2 ýyl
- Syýahatçylyk hyzmatlary;
- Myhmanhana hyzmatlary;
- Daşky gurşawy goramak we tebigy miras;
- Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş;
- Jemgyýetçilik iýmitiniň önümleriniň tehnologiýasy;
- Buhgalterçilik hasaba alnyşy.
Okuwyň möhleti – 1,5 ýyl
- Syýahatçylygyň hukuk taýdan dolandyrylyşy;
- Buhgalterçilik işi;
- Syýahatçylyk hyzmatlary.
Okuwyň möhleti – 3 aý
- Gid-terjimeçi (syýahatçylyk pudagynda);
- Kompýuter sowatlylygy.
Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebi ähli welaýatlardan talyplyga kabul edýär we 1,5 – 2 ýyl möhletli bilim maksatnamalary boýunça okaýanlar umumy ýaşaýyş jaýy bilen üpjün edilýär.