Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebi tarapyndan geçirilýän «Syýahatçylygyň täze ugurlary we ýaşlar» atly ýurdumyzyň umumy bilim berýän orta mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda taslama bäsleşiginiň DÜZGÜNNAMASY |
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen we Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ylmyň we tehnologiýalaryň ösüşine, halkymyzyň aň-bilim derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, ylmyň, tehnikanyň we önümçiligiň bitewiliginiň üpjün edilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.
Ýurdumyzyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini giňden peýdalanmak, döwrebap we rahat medeni-dynç alyş şertlerini döretmek, ýokary netijeli we bäsdeşlige ukyply syýahatçylyk kärhanalaryny döretmek, syýahatçylyk mümkinçiliklerini giňden peýdalanmak, pudagy toplumlaýyn ösdürmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Dünýäniň dürli künjeginden Türkmenistana gelip görmäge isleg bildirýän jahankeşdeleriň sany ýylyň-ýylyna artýar. Eziz Watanymyzyň taryhy-medeni we tebigy baýlyklary bolsa halkymyzyň buýsanjy hem-de dünýä medeniýetiniň guwanjydyr. Garaşsyz we Bitarap Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmek, daşary ýurt jahankeşdelerini milli baýlyklarymyz bilen tanyşdyrmak syýahatçylyk pudagynyň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar.
Türkmenistanda ähli ugurlar bilen birlikde syýahatçylyk ulgamynyň işiniň döwrebaplaşdyrylmagyna we kämilleşdirilmegine aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzyň gözel künjeklerine dünýäniň dürli döwletlerinden gelýän myhmanlara we syýahatçylara edilýän hyzmatlar bilen birlikde ýolbelet hyzmatlaryň ýokary hilli bolmagy ugrunda hem birnäçe işler alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiziň giň gerimli alyp barýan döwlet syýasatyny durmuşa ornaşdyrmak, ýaşlaryň döredijilikli başlangyçlaryny amala aşyrmaklaryna goldaw bermek we höweslendirmek, ylym we bilim babatda beren möhüm tabşyryklaryndan, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022–2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli Maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022–2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», şeýle hem «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021–2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda», «Syýahatçylyk pudagynda Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň 2024-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda», «Türkmenistanda Medeniýet ulgamyny ösdürmegiň 2019–2025-nji ýyllar üçin maksatnamasynda» kesgitlenen wezipelerden ugur alyp ýurdumyzyň umumy bilim berýän orta mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda taslama bäsleşigi yglan edilýär.
Bäsleşigi geçirmegiň esasy maksatlary we wezipeleri şulardan ybaratdyr:
- ýurdumyzyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini giňden peýdalanmakdan, syýahatçylygy toplumlaýyn ösdürmekden, döwrebap we amatly dynç alyş şertlerini döretmekden, Watanymyzyň taryhyny, medeniýetini, däp-dessurlaryny ýaşlaryň arasynda wagyz etmekden, halkymyzyň ruhy dünýäsini has-da baýlaşdyrmakdan;
- syýahatçylyk ulgamy üçin ýokary derejeli dolandyryjylary, ýörite bilimli hünärmenleri taýýarlamak, olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmaga ýardam bermek;
- syýahatçylyk ulgamynyň işini daşky gurşawy goramagyň ýörelgeleri bilen utgaşdyrmak;
- ýurdumyzyň gözel ýerleri we baý taryhy-medeni mirasy bilen tanyşdyrýan, syýahatçylyk mümkinçiliklerini açyp görkezýän usuly toplumlary taýýarlamakda maglumatlary baýlaşdyrmak;
- ýurdumyzyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini mahabatlandyrýan gid-terjimeçileri (ýolbeletleri) taýýarlamak;
- syýahatçylyk taýdan ösen döwletlerde bolşy ýaly, geljekde ýurdumyzda syýahatçylygyň döwrebap üpjünçilik ulgamyny döretmek üçin hususy telekeçileriň işini has-da ýaýbaňlandyrmak, olaryň ýurdumyzda syýahatçylygy ösdürmekdäki mümkinçiliklerini has-da giňeltmek üçin zerur şertleriň döredilmegi bilen bagly işler alyp barmaga ýardam bermek.
Umumy düzgünler
- «Syýahatçylygyň täze ugurlary we ýaşlar» atly bäsleşiginiň Düzgünnamasy (mundan beýläk – düzgünnama) bäsleşigi geçirmegiň, taslama işi hödürlemegiň talaplary we resmileşdirmegiň tertibini, guramaçylyk we hukuk soraglaryň işini düzgünleşdirýär.
- «Syýahatçylygyň täze ugurlary we ýaşlar» atly bäsleşiginiň (mundan beýläk – bäsleşik) guramaçysy bolup Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebi çykyş edýär.
- Bäsleşik 2025-nji ýylyň 15-nji ýanwaryndan – 2025-nji ýylyň 15-nji apreli aralygynda geçirilýär.
- Bäsleşige hödürlenen taslama işler taýýarlanylýan maglumatlaryň täzeçilligine, wajyplygyna, gaýtalanmazlygyna, aýdyň beýan edilişine, innowasion tehnologiýalardan peýdalanylşyna we bezeg wizuallaşdyrylyşyna görä saýlanylýar.
Taslama işi hödürlemegiň talaplary we resmileşdirmegiň tertibi
- Bäsleşige gatnaşyjylar ekosyýahatçylygy, taryhy-medeni syýahatçylygy, zyýarat syýahatçylygy, sport syýahatçylygy, işewürlik (MICE) syýahatçylygy ýaly syýahatçylyk pudagynyň beýleki giň gerimli ugurlary boýunça taslama işleri hödürläp bilerler.
- Ýurdumyzyň syýahatçylyk sebitleriniň aýratynlyklaryny we täze ugurlaryny, taryhy-medeni we tebigy ýadygärliklerini halk köpçüligine ýetirmek işlerini, bejeriş, sagaldyş-dynç alyş syýahatçylyk sebitleriniň özboluşlylygyny, syýahatçylyk işini ýaýbaňlandyrmakda täze biznes meýilnamalaryny açyp görkezýän taslamalaryň awtorlary işini beýan edýän wideo-audio we ýazmaça görnüşinde mobil we/ýa-da kompýuter programma üpjünçiliklerini, olaryň goşundylaryny hem-de beýleki maglumat serişdelerini peýdalanyp, syýahatçylyk pudagyny ösdürmäge degişli taslama işlerini hödürläp bilerler.
- Bäsleşige ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 10-11-12-nji synp okuwçylary ýekelikde ýa-da düzüminde 2 adamdan köp bolmadyk topar hökmünde gatnaşyp bilerler.
- Bäsleşige gatnaşmak üçin ýörite nusgadaky hasaba alyş kagyzy (1-nji goşundy) doldurylýar we taslama bilen bilelikde Guramaçylara kesgitlenen möhlete çenli iberilýär.
- Hödürlenýän taslama işler Guramaçylaryň assohom@sanly.tm elektron salgysy ýa-da Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynyň 2105/5 (Mämmet Gurbanow) köçesiniň 33-nji jaý salgysy boýunça Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebinde kabul edilýär.
Guramaçylyk işler we netijeleri jemlemegiň tertibi
- Bäsleşige gatnaşmak üçin hödürlenen taslama bilen gatnaşyjy özüniň maglumatlarynyň Guramaçylaryň resmi web-saýtynda çap edilmegine razylyk berdi diýip hasaplanylýar.
- Bäsleşige tabşyrylan işleri bahalandyrmak we jemini jemlemek orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlaryndan we ýurdumyzyň syýahatçylyk kärhanalaryň wekillerinden düzülen Eminler topary tarapyndan amala aşyrylýar. Eminler toparynyň düzümi Guramaçylar tarapyndan tassyklanylýar.
- Bäsleşigiň ýeňijilerine we tapawutlanan işleriň eýelerine hem-de olaryň ýolbaşçy mugallymlaryna baýraklary gowşurmak üçin habar edilýär, 2025-nji ýylyň maý aýynyň birinji ongünlüginde ýeňijiler yglan ediler.
- Eminler toparynyň hödürlemegi boýunça ýeňijilere we tapawutlanan işleriň eýelerine hormat hatlar we sowgatlar Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy hem-de Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň Kärdeşler arkalaşygy tarapyndan gowşurylýar.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri:
+99312-767414, +99312-767515, +99364-088111, +99362-991154
Mekdebiň resmi web saýty: www.syyahatohom.edu.tm
«Syýahatçylygyň täze ugurlary we ýaşlar» atly bäsleşiginiň Düzgünnamasyna
1-nji goşundy
Gatnaşyjylary hasaba alyş
KAGYZY
Taslama işiniň ady |
|
Gatnaşyjynyň F.A.A.a. |
|
Gatnaşyjynyň doglan senesi (gün, aý, ýyl) |
|
Gatnaşyjynyň ýaşaýan salgysy (welaýaty, etraby, şäheri) |
|
Gatnaşyjynyň telefon belgisi we e-mail salgysy |
|
Gatnaşyjynyň okaýan orta mekdebiniň belgisi (welaýaty, etraby, şäheri) |
|
Taslama işine ýolbaşçy (jogapkär) mugallymynyň F.A.A.a, işleýän ýeri, wezipesi, telefon belgisi |
|