Jemgyýetçilik iýmitiniň önümleriniň tehnologiýasy

“Jemgyýetçilik iýmitiniň önümleriniň tehnologiýasy” hünäri boýunça orta hünärinde bilim alýan ýaşlar, jemgyýetçilik iýmiti kärhanasynyň önümçilik tehnologiýasyny we täze
görnüşlerini döretmek, müşderilere sagdyn iýmitlenmegiň görnüşlerini hödürlemek endiklerini bilmek hem-de iýmit hyzmatlarynyň howpsuzlygyny berjaý etmek üçin taýýarlanylýar.
Hünärmen myhmansöýerlik häsiýeti bilen dürli edaralarda, otellerde, motellerde, kempinglerde, dynç alyş öýlerinde, şypahanalarda, çagalar dynç alyş
merkezlerinde, hususy kärhanalaryň iýmitlendiriş   bölümlerinde   we  naharhanalarda   tehnik-tehnolog wezipelerinde, şeýle hem orta hünär okuw mekdebiniň meýilnamasynda öwrenen
derslerine laýyklykda, başga pudaklara degişli bolan kärlerine ýakyn hem oňa gabat gelýän dürli iş orunlarynda, ýagny, jemgyýetçilik iýmiti kärhanasynyň
tehnik-tehnology, aşpez, myhmanhanalaryň iýmit we içgiler bölüminiň orta derejeli menejeri, köpçülikleýin çärelerde azyk harytlarynyň satyjysy, iýmit we
azyk harytlarynyň laboratoriýalarynyň barlagçysy we ş.m. wezipelerde işlemeküçin niýetlenendir. Şunuň bilen birlikde, bu ugurdan taýýarlanylýan hünärmenler şu aşakdaky
başarnyk-ukyplara eýe bolarlar:
-    azyk harytlary (çig mallary) kabul etmegi, saklamagy we işläp taýýarlamagy;
-    iýmit taýýarlanyş otaglarynyň arassaçylygyna gözegçilik etmegi;
-    kabul eden çig mallarynyň hiline gözegçilik etmegi;
-    iýmit taýýarlanyş enjamlarynyň ulanylyşyny üpjün etmegi we laboratoriýa enjamlary bilen işlemegi;
-    hasap we hasabat resmi kagyzlaryny ýöretmegi;
-    enjamlary we gurallary sanitariýa taýdan işläp taýýarlamagy;
-    azyk harytlarynyň öndürilişiniň mikrobiologiýa gözegçilik işlerini geçirmegi;
-    myhmanhanalarda nahar hödürlenişini döwrebap halkara standartlaryna laýyk getirmegi;
-    köpçülikleýin çärelerde iýmitlendiriş hyzmatlaryny gurnamagy;
-    döwrebap tehnologiýalardan we kompýuter enjamlaryndan peýdalanmagy.

Paýlaş

Salgymyz:

49-njy jaý, Mäti Kösäýew köçesi, Aşgabat, Türkmenistan. 

Telefon belgiler:
363697, 364815