Buhgalterçilik hasaba alnyşy

“Buhgalterçilik hasaba alnyşy” hünäri boýunça orta hünärinde bilim alýan ýaşlar, syýahatçylyk kärhanalarynyň, myhmanhanalarynyň we beýleki syýahat hyzmatlary bilen bagly edaralaryň hasaplaşyk-hasabatlylyk işlerini alyp barmak, işewürlikde işjeň endiklerini bilmek hem-de syýahatçylyk hyzmatlaryny ilata hödürlemek üçin döreýän hasaplamalary ýerine ýetirmek üçin taýýarlanylýar. Hünärmen syýahatçylyk pudagyna degişli dürli edaralarda, hususy kärhanalarda, ilaty durmuş taýdan üpjünçilik edaralarynda, şeýle hem, orta hünär okuw mekdebiniň meýilnamasynda öwrenen derslerine laýyklykda, dürli pudaklara degişli bolan kärlerine ýakyn hem oňa gabat gelýän dürli iş orunlarynda, ýagny, syýahatçylyk kärhanasynyň menejeri, ulag serişdeleriniň üpjünçisi, edaranyň resmi kagyzlary bilen meşgullanýan hünärmeni, hojalyk, diwanhana, dolandyryş-administratiw edaralarynyň orta derejeli hünärmeni, köpçülikleýin çäreleriniň hyzmat edijisi we ş.m. wezipelerde işlemek üçin niýetlenendir. Şunuň bilen birlikde, bu ugurdan taýýarlanylýan hünärmenler şu aşakdaky
başarnyk-ukyplara eýe bolarlar: 
başarnyk-ukyplara eýe bolarlar:
syýahatçylyk kärhanasynyň hasabat işlerini ýöretmegi;
- işgärleriň zähmet haklaryny hasaplamagy we syýahatçylyk kärhanasynyň balansyny düzmegi;
- ugurdaş kärhanalar we müşderiler bilen ylalaşyklary, şertnamalary we ş.m. düzmegi;
- gözegçilik auditi we myhmanhanada müşderileriň özara hasaplaşyklary düzmegi;
- syýahatçylyk ätiýaçlygyny düzgünleşdirmegi hem-de adatdan daşary ýagdaýlarda resmi kagyzlary täzeden taýýarlamagy we dikeltmegi;
- syýahat ugrunyň bahalaryny hasaplamagy we harajatlaryň hasapalaşygyny alyp barmaga;
- müşderilere syýahatlary we gezelençleri hödürlemegi hem-de hyzmatlary  satmagy;
- häzirki zaman kompýuter tehnologiýalaryndan hem-de döwrebap ulgamlaryndan peýdalanmagy we ş.m.





















Paýlaş

Salgymyz:

109-njy jaý, Hoja Ahmet Ýasawy köçesi, Aşgabat, Türkmenistan. 

Telefon belgiler:
363697, 364815