“Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş (syýahatçylyk pudagynda)”


“Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş (syýahatçylyk pudagynda)” hünäri boýunça orta hünärinde bilim alýan ýaşlar, syýahatçylyk kärhanasynyň ykdysady-dolandyryş işlerini meýilleşdirmek we hyzmatlaryň işjeň endiklerini bilmek hem-de syýahatçylyk hyzmatlaryny ilata hödürlemek üçin taýýarlanylýar. Hünärmen syýahatçylyk pudagyna degişli dürli edaralarda, hususy kärhanalarda, ilaty durmuş taýdan üpjünçilik edaralarynda, şeýle hem, orta hünär okuw mekdebiniň meýilnamasynda öwrenen derslerine laýyklykda, başga pudaklara degişli bolan kärlerine ýakyn hem oňa gabat gelýän dürli iş orunlarynda, ýagny, syýahatçylyk kärhanasynyň menejeri, syýahatyň we gezelençleriň maksatnamalaryny meýilleşdirmek, syýahatçylyk kärhanalarynyň ykdysady ýagdaýyna gözegçilik etmek, myhmanlary  amatly ýerlerde ýerleşdirimek, edaranyň hasabatlylyk we meýilleşdiriş resmi kagyzlary bilen meşgullanýan hünärmeni, hojalyk, diwanhana, dolandyryş-administratiw edaralarynyň orta derejeli hünärmeni, köpçülikleýin çäreleriniň hyzmat edijisi we ş.m. wezipelerde işlemek üçin niýetlenendir. Şunuň bilen birlikde, bu ugurdan taýýarlanylýan hünärmenler şu aşakdaky başarnyk-ukyplara eýe bolarlar:
- syýahatçylyk kärhanasynyň ykdysady-maliýe işlerini ýöretmegi; kärhanasynyň ykdysady-maliýe işlerini ýöretmegi;
- kärhananyň işini guramak, ykdysady taýdan zähmet bazaryny öwrenmek işini alyp barmagy; işini guramak, ykdysady taýdan zähmet bazaryny öwrenmek işini alyp barmagy;
- ugurdaş kärhanalar we müşderiler bilen ylalaşyklary, şertnamalary we ş.m. düzmegi; kärhanalar we müşderiler bilen ylalaşyklary, şertnamalary we ş.m. düzmegi;
- syýahatçylygyň dolandyrylyşyny düzgünleşdirmegi; dolandyrylyşyny düzgünleşdirmegi;
- maliýe, karz we banklaryň işleýiş düzgünlerine görä işi alyp barmagy; karz we banklaryň işleýiş düzgünlerine görä işi alyp barmagy;
- kärhanalaryň ykdysady peýdasyna, düşewintliligine yzygider gözegçilik etmegi; ykdysady peýdasyna, düşewintliligine yzygider gözegçilik etmegi;
- hyzmatlaryň ykdysady taýdan amatlylygyny we netijeligini üpjün etmegi; ykdysady taýdan amatlylygyny we netijeligini üpjün etmegi;
- häzirki zaman kompýuter tehnologiýalaryndan peýdalanyp, elektron resminamalaryň dolanşygyny ýola goýmagy hem-de döwrebap maglumat goruny döretmegi we ş.m. kompýuter tehnologiýalaryndan peýdalanyp, elektron resminamalaryň dolanşygyny ýola goýmagy hem-de döwrebap maglumat goruny döretmegi we ş.m.



























Paýlaş

Salgymyz:

49-njy jaý, Mäti Kösäýew köçesi, Aşgabat, Türkmenistan. 

Telefon belgiler:
363697, 364815