Türkmenistan – Aziýa Ösüş Banky: syýahatçylyk pudagy üçin täze taslamalar

Image description

 

Türkmenistan – Aziýa Ösüş Banky: syýahatçylyk pudagy üçin

täze taslamalar

 

 Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe  Türkmen  halkynyň  Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň il-ýurt  bähbitli,  döwlet  ähmiýetli  tagallalary bilen Türkmenistan bilen Aziýa Ösüş Bankynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk boýunça täze başlangyçlar we teklipler esasynda halkara işewürlik hyzmatdaşlygyny giňeltmäge, geljegi uly bolan ýokary tehnologiýaly taslamalary durmuşa geçirmäge, Aziýanyň sebitleri bilen bir hatarda ýurdumyzyň okgunly innowasiýa ösüşine çykmagy üçin sebitara gatnaşyklarynyň meýdançasy döwrebaplaşdyrylýar.

Aziýa Ösüş Bankynyň Adam we sosial ösüş pudagynyň direktory Sofiýa Sakiliň ýolbaşçylygyndaky wekilýet bilen, eýýam alnyp barylýan energetika, ulag-kommunikasiýa infrastrukturany ýokarlandyrmak ýaly taslamalar daşary hem, ýurdumyzda zehinli ýaşlaryny kemala getirmek, olaryň başarnyklaryny we endiklerini ösdürmek, şeýle-hem syýahatçylyk pudagynyň, sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylyşynyň ösüşine goşant goşjak täze taslamalary işlemek üçin duşuşyklar geçirildi. Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebinde 2024-nji ýylyň 29-njy iýunynda geçirilen duşuşykda Aziýa Ösüş Bankynyň birnäçe wekilleri we mekdebiň işgärleri bilen medeni-taryhy ýadygärliklerine we tebigy baýlyklaryna baý ýurdumyzyň gözel künjeklerine isleg bildirýän syýahatçylaryň barha artýandygy hem-de olara hödürlenýän hyzmatlaryň ýokary hilli bolmaklary üçin hünärmenleri we ýolbeletleri taýýarlamagyň mümkinçiliklerini ösdürmegiň aýratynlyklary barada maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň barşynda Aziýa Ösüş Bankynyň Adam we sosial ösüş pudagynyň direktory Sofiýa Sakil, syýahatçylyk pudagynyň ösdürilmeginde bütin dünýä tejribesinde görnüşi ýaly adamlaryň, jemgyýetiň we ykdysadyýetiň ösmeginde uly mümkinçilikleri döredýän bu pudagyň zerur iş orunlary kemala getirmekde, syýahatçylaryň rahat dynç almaklarynda we olara hödürlenýän hyzmatlaryň ösdürilmekde hem-de olary kanagatlandyrmakda adam kapitalyna üns berilýändigne we bilim başarnyklaryň ýokarlandyrylmagyna aýratyn orun berýändigini belledi. Bu ugurda özümiziň aýratyn ornumyzyň bardygy belleýäris, şeýle giň mümkinçilikli pudakda bilimleri kemala getirmek, ýaşlar tarapyndan bilim alyp, özleriniň endiklerini we başarnyklaryny kämilleşdirmekde ähli şertleriň döredilmeginiň ýerliklidigini aýtdy hem-de geljekde Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyklaryň çäklerinde syýahatçylyk pudagyny ösdürmek üçin degişli hünär bilimleriniň berilmeginiň we olaryň kämilleşdirilmegini goldamak üçin Aziýa Ösüş Banky tarapyndan taslamalaryň serediljekdigini ynandyrdy.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: Türkmenistan – Aziýa …

Metbugat gullugy