Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebi

Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebi 

2023/2024-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýär:

1. Myhmanhana hyzmatlary.

2. Syýahatçylyk hyzmatlary.

3. Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş (syýahatçylyk pudagynda).

4. Jemgyýetçilik iýmitiniň önümleriniň tehnologiýasy.

5. Daşky gurşawy goramak we tebigy miras.

6. Buhgalterçilik hasaba alnyşy.

Orta hünär okuw mekdebine Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Okuwyň möhleti 2 ýyl. Orta hünär okuw mekdebinde okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar.

Resmi iş kagyzlary:

Aşgabat şäherinde 2023-nji ýylyň 17-nji iýuly — 21-nji awgusty aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— bellenilen nusga boýunça okuw üçin tölegi öz wagtynda amal etmegiň kepil haty;

— 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

— okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklere gatnaşan

Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— pasportyny;

— harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler. Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek «Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň» Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebinde (Aşgabat ş.) 2023-nji ýylyň awgust aýynyň 24-25-i, 27-si we 28-i günlerinde geçirilýär.

Giriş synaglary aşakdaky okuw dersleri boýunça geçirilýär:

Myhmanhana hyzmatlary — geografiýa, häzirki zaman türkmen jemgyýeti, Türkmenistanyň taryhy;

Syýahatçylyk hyzmatlary — geografiýa, häzirki zaman türkmen jemgyýeti, Türkmenistanyň taryhy;

Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş (syýahatçylyk pudagynda) — matematika, häzirki zaman türkmen jemgyýeti, Türkmenistanyň taryhy;

Buhgalterçilik hasaba alnyşy — matematika, häzirki zaman türkmen jemgyýeti, Türkmenistanyň taryhy;

Jemgyýetçilik iýmitiniň önümleriniň tehnologiýasy — himiýa, häzirki zaman türkmen jemgyýeti, Türkmenistanyň taryhy;

Daşky gurşawy goramak we tebigy miras — geografiýa, häzirki zaman türkmen jemgyýeti, Türkmenistanyň taryhy;

Okuw dersleri boýunça Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamasy esasynda geçirilýär. Okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelmedik ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedik dalaşgärler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar.

«Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň» Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebinde salgysy:

Aşgabat şäheriniň Hoja-Ahmet Ýasawy köçesiniň 109-njy jaýy tel.: 363697, 364815. Faks: 363697, 364815.