Syýahatçylygyň täze ugurlary we ýaşlar

Image description

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan, ylmy taslamalary işläp taýýarlamakda ukyp-başarnyklaryny görkezip bilýän, daşary ýurt  dillerini  bilýän  ýaşlary saýlamakda  we olary ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda netijeli ulanmak maksady bilen, Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebinde hem    okadylýan dersler boýunça  toparara bäsleşikleri  geçirmek,  okadylýan dersler we  saýlan ugurlary boýunça nazary we amaly alan bilimlerini  has-da kämilleşdirmek üçin gurnaklara   gatnaşdyrmak,   berkidilen kärhanalara önümçilik tejribeligini geçmekde  talyplary ugratmak işleri dowam etdirilýär.

2024-nji ýylyň maý aýynyň 16-17-ne “Açyk gapylar günleri” geçirmekde işjeň talyplarynyň gatnaşmagynda  syýahatçylyk ugruna degişli  dürli  maketler  taýýarlanyp, sergi gurnaldy we syýahatçylyk pudagynyň gerimini giňeltmek üçin “Syýahatçylygyň täze ugurlary we ýaşlar”  atly  ýurdumyzyň umumy bilim berýän  orta mekdepleriniň arasynda taslama bäsleşigi geçirildi we ýeňijilere mekdebimiziň adyndan sowgatlar gowşuryldy. Syýahatçylygy ösdürmek we ýaşlaryň arasynda höwesi artdyrmak üçin  mekdebimiziň talyplaryny ýurdumyzda ýerleşýän  medeni-taryhy ýadygärlikleriň,  milli muzeýleriň  taryhy,  doreýşi  barada   ekskursiýalary gurnamak, ýaşlaryň telekeçilik ukybyny ösdürmek üçin Türkmenistanyň  Senagatçylar  we  telekeçiler birleşmesiniň tejribeli agzalary-telekeçileri bilen ýaşlarda işewürlik ukyplaryny ýüze çykarmakda seminarlary geçirmek, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan  yglan edilen  Arkadag, Aşgabat şäheriniň we Ahal welaýatynyň orta hünär okuw  mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň arasynda “Pederleriň nusgasy – Magtymguly Pyragy, Köňülleriň çyragy- Magtymguly Pyragy” ady bilen geçirilen çeper okaýyş bäsleşigine mekdebimiziň “Myhmanhana hyzmatlary” hünäriniň 1-nji ýyl talyby B.Öwezgylyjowa işeňňir gatnaşdy. Şeýle-de iş başarjaň, maksada okgunly,  döretmäge  ukyply  we  okuwdan daşary hem  dünýä  täzelikleri  bilen  gyzyklanýan, ylmy taslamalary  işläp  taýýarlamak we  önümçilige ornaşdyrmak  bilen  bagly   işlere   höwesjeň  gatnaşýan,   Arkadagly  Gahryman  Serdarymyzyň  ýaşlar  barada  edýän  aladalaryny, alyp barýan  içerki  we  daşary syýasatynyň  esasy ugurlaryny giňden   wagyz etmekde  ýurdumyzyň  radio  we  teleýaýlymlarynda  gurnalan  “tegelek  stol başyndaky” söhbetdeşliklerinde hem  dürli  temalar  boýunça  çykyş    etmekde  yzygider  gatnaşyp  gelýärler.     

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň guramagynda ýurdumyzyň orta  hünär  okuw  mekdepleriniň  arasynda  döwlet  derejesinde  geçirilýän  ders  bäsdeşligine  mekdebimiziň   mugallymlary şu  ugurlar  boýunça talyplary taýýarlaýarlar:

  1. Sanly ykdysadyýet
  2. Daşky  gurşawy  goramak  we  tebigy miras
  3. Matematika  
  4. Rus dili  
  5. Iňlis dili  
  6. Häzirki  zaman  kompýuter tehnologiýasy
  7. Jemgyýetçilik ylymlarynyň  esaslary   
  8. Türkmenistanyň  taryhy

2024-nji ýylyň  maý  aýynda  orta hünär okuw mekdepleriniň  arasynda  döwlet derejesinde  geçirilen  ders  bäsdeşliginde  “Ykdysadyýet  we  meýilnamalaşdyryş” hünäriniň  2-nji ýyl  talyplarynyň   S.Arazowyň   we  A. Hanowyň   gatnaşmagynda  okadylýan “Sanly  ykdysadyýet”   hem-de   “Daşky  gurşawy  goramak  we  tebigy miras”  dersleri  boýunça 3-nji  baýrakly  orunlara   mynasyp   boldular.  Olar  okuwlarynda  diňe  oňat bahalar bilen  ýetişip, göreldeli talyplaryň hatarynda özlerini tanatdylar.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan we Hormatly Prezidentimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda dowam etmegi netijesinde ylmyň we tehnologiýalaryň  ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda ýurdumyzyň ýaşlarynyň täze ylmy pikirlerini maglumat-tehnologiki işläp taýýarlamagyň milli ykdysadyýetimize giňden ornaşdyrylmagyny üpjün etmekde, ylymda halypa-şägirtlik ýörelgelerini rowaçlandyrmakda,  Eziz Watanymyza, halkymyza wepaly, giň gözýetimli, sowatly, zähmetsöýer, öz hünärine ökde önümçilikde ýokary netijeleri gazanyp biljek hünärmenleri taýýarlamakda geçirilýän ders bäsleşikleriň uly ähmiýetini bellemek gerek.   

Eziz Watanymyzy beýik ösüşlere alyp barýan, dünýä ülňülerine laýyklykda döwrebap bilim almaga, halal zähmet çekmäge, döretmäge beren ajaýyp mümkinçilikleri üçin Türkmen  halkynyň  Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli alyp barýan işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Syýahatçylygyň täze ugurlary we ýaşlar